2024-nji ýylyň aprelinde Fransiýada Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçiriler

10:55 15.11.2023 5603

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/9222/original-1655469b7e3e1c.jpg

2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň energetika maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada çäräni guramaçylaryň saýtynda habar berilýär.

Forumyň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmenengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti we «GaffneyCline» britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli segmentlerine göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebit dialogyny güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmekden ybarat.

Forumyň çäklerinde nebit we gaz öndürmek, ulag we ýangyjy gaýtadan işlemek pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegine serediler.

Foruma dünýä belli hünärmenler we halkara energetika ägirtleri gatnaşarlar.

Başga makalalar
162318bb12ef0a.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam eder

Türkmenistanda halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmeklige gönükdirilen maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam etdiriler. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.


168847ff5062bf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň täze ilçisi bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen geçiren duşuşygynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.


16884669046a47.jpg
Hökümet mejlisinde “Galkynyş” känini netijeli özleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

25-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.


16232e4d7870f4.jpeg
Suwuklandyrylan gazyň eksportynyň çägi giňeýär

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi.


162318c153c55e.jpeg
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder

Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.