Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi mynasybetli gutlady

14:13 26.03.2025 3037

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/13577/original-167e3adc1183e3.jpg

Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna mukaddes Oraza aýynyň ynsanperwerligi, sahawatlylygy hem-de ýagşylygy dabaralandyrýan Gadyr gijesiniň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag iberdi.

26-njy martda merkezi neşirlerde çap edilen gutlagynda döwlet Baştutany beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy bolan Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň dessurlarynyň halkymyzda aýratyn orny eýeleýändigini nygtaýar. Ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda bolşy ýaly, olar biziň günlerimizde hem musulman dünýäsi bilen birlikde mynasyp dowam etdirilýär.

“Mübärek Gadyr gijesiniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda yhlasly zähmet çekýän, döredýän hem-de gurýan mähriban halkymyzyň kalbynda ýakymly duýgulary döretjekdigine berk ynanýaryn” diýlip, gutlagda bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, haýyr-sahawatly bu mukaddes gijede agzaçar sadakalary berlip, gadymy hem-de häzirki zaman binagärlik däplerine laýyk gelýän täze, döwrebap metjitlerde tarawa namazy okalýar.

“Döretmek we gurmak biziň ähli ösüşlerimiziň, täze belentliklerine tarap öňe hereket etmegimiziň hem-de berkarar döwletliligimiziň ýoludyr. Beýik pederlerimiziň iň belent we asylly arzuwlaryndan kemala gelen bu ýol bizi bagtyýar durmuşa ýetirdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ýola eýerip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny berkidýäris, giň gerimli, okgunly, tutumly işleri üstünlikli amala aşyryp, Watanymyzyň pajarlap ösüşini üpjün edýäris. Döredijilikli zähmetimiz, eziz Diýarymyza bolan beýik söýgimiz, onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan maksatnamalarymyz esasynda ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrýarys” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

“Berkarar Watanymyzyň kuwwatynyň artmagynyň, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagynyň bähbidine gönükdirilen önümçilik, inženerçilik we durmuş amatlyklaryny özünde jemleýän täze, döwrebap obadyr şäherleriň gurluşyklaryny depginli dowam etdirýäris” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.

Başga makalalar
161c2dbcec21c6.jpeg
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 2000 dollardan geçdi

Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy müň kub metri üçin 2000 dollardan geçdi.


16399511c55142.jpeg
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilýän hünär baýramyňyz — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


163980e7ea9db6.jpeg
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni dabaraly bellenildi

Türkmenistanda 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 27 ýyllygy dabaraly bellenildi.


161c2dc7f5f71d.jpeg
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň üstünlikleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody ynamly ädimler bilen ösüşiň täze belentliklerine barýar. Muňa kärhananyň şu ýylda gazanýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.


166e9786c6bfdf.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti we GFR-iň Kansleri döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Gazagystanda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşindäki ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.