Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugurlary, esasan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy. Şoňa görä-de, ýokary depginli ykdysady ösüşi gazanmakda, ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini diwersifikasiýalaşdyrmakda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, bazar-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmakda, ýurduň sebitleriniň we pudaklarynyň gyradeň ösüşini gazanmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek.
Balkan welaýaty hem giň gerimde ösdürilýän sebitleriň biridir. Onuň çägindäki häzirki zamanyň öňdebaryjy enjamlary we täzeçil tehnologiýalary bilen üpjün edilen Türkmenbaşy Halkara deňiz porty möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu toplum ýurdumyzyň üstaşyr ulag kuwwatyny pugtalandyrmakda, multimodal ulag geçelgelerini ösdürmekde we halkara söwdanyň möçberlerini artdyrmakda diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm orny eýeleýär. Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen bu iri ulag-logistik merkeziň çägine ýylda 1500 — 1600 gämi girýär. Bu görkeziji yzygiderli artýar.