Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen döwletara hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

23-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landawy kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Myhman ABŞ-nyň Türkmenistan bilen deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady hem-de pursatdan peýdalanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow syýasy-diplomatik gatnaşyklar barada aýdyp, soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “С5+1” formatyndaky sammite gatnaşmak üçin geçen ýylyň noýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherine amala aşyran saparyna hem-de şu ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Florida ştatyna amala aşyran iş saparyna ünsi çekdi.

Kristofer Landau geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen bolan duşuşygynyň ähmiýetini belläp, bu duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň häzirki wagtda öz oňyn netijelerini berýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň möhümdigini belläp, ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” energetika, sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, emeli aň ýaly ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça yzygiderli duşuşyklar geçirilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar hem netijeli ösdürilýär. Iki ýurduň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara söwda dolanyşygyny artdyrmak, maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. “Nicklaus Companies”, “John Deere”, “Case New Holland”, “Boeing” ýaly öňdebaryjy amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Döwlet Baştutany bilim, ylym, medeniýet, ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň uly ornuny nygtap, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag edaralary bilen gatnaşyklary berkitmäge, bilelikdäki ylym-bilim taslamalaryny amala aşyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Nebitgaz №46
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№46

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 17-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993