Türkmenistanyň alymlary «Derweze» kraterini göz astyna almagyň usulyny işläp düzdüler

15:30 24.06.2022 11227

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/4899/original-162b585a3007d8.jpeg

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň alymlary indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýän «Derweze» kraterinde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu barada bu institutyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Maslahatda eden çykyşynda B.Pirnyýazow Aşgabatdan 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Derweze krateriniň döreýiş taryhyny ýatladyp geçdi.

Bellenilişi ýaly, 1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda  üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar. Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşlyk emele gelýär.

Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri  otlaýarlar. “Gaz birnäçe günüň dowamynda ýanyp gutarar ýa-da bu gatlak, beýleki 5-7 kilometr uzaklykdaky suw bilen palçykdan dolup duran desgalarda bolşy ýaly, suwa dolar” diýlip çak edilýärdi.

Emma, garaşylýan ýagdaý ýüze çykmady. Elbetde, krateriň ýagdaýyny öwrenmek boýunça çäreler görüldi, ýumrulan gözleg skwažinasyny tapmaga synanyşyklar edildi. Munuň üçin hünärmenler krateriň düýbüne düşdüler. Eger, guýynyň sütüniniň sementlenen bölegi saklanyp galan bolsa, maýyşgak turbaly armaturlary oturtmak boýunça çäreler görülmelidi. Şonda gazy çykarmak prosesini dolandyryp bolardy. Ýöne welin, gazyň 20 metr radius aralykda dürli ýerlerden çykýandygy anyklanyldy we gözleg guýusynyň galyndylary hem tapylmady.

Mundan başga-da, bu çäkde ýerleşýän önümçilik guýularynyň işiniň netijelerine görä, gatlaklaryň arasynda gazyň kesimler boýunça akymy tassyklandy. Merkezi Garagumuň demirgazyk tarapynda 16 sany ýatakdan ybarat toparyň üsti açyldy. Häzirki wagtda olaryň sekizisinde 39 sany guýy işledilýär.  

Bu ýataklar toplumynyň aýratynlygy inçe ejiz gatlaklaryň suwly we dykyz gatlaklar bilen aralaşmagyndadyr. Gatlaklaryň we ýataklaryň özara täsirlenmä eýedigi mälim boldy. Gözleg guýusy burawlananda, ýüze çykýan azgorly ýataklaryň krateriň uzak wagtlap ýanmagyna sebäp bolýandygy hem muňa mysaldyr.

Şunuň bilen baglylykda, biz Çaljülbe gaz käninde baha beriş guýusyny burawlamagy teklip etdik. Uly gaz gorlary bolan gatlakdan gazyň zarply çykarylmagy onuň süzüliş akymyny öwürmäge we kratere gözegçiliksiz akymyny azaltmaga mümkinçilik berer. Gazyň kratere gelýän akymynyň bady gowşadylandan soň, ony izolirlemek, ýagny üstüni doly ýapmak mümkin bolar. 

Şeýle çözgüdiň hasabyna atmosfera düşýän  gazyň gözegçiliksiz zyňyndylary doly ýok ediler.

Başga makalalar
16801f0bd3c438.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy

17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.


16800af7f31144.jpg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy. Forumyň Guramaçylyk toparynyň habar bermegine görä, bu möhüm waka gatnaşmak üçin hasaba alyş eýýäm tamamlandy. Foruma jemi 42 ýurtdan 355-den gowrak wekil gatnaşar.


167ffd06185553.png
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň jemleri boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran saparynyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi. 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygynyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.


16324066987217.jpeg
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň potratçylar üçin 2022-nji ýylda № 2 Açyk gapylar güni

«PÇ (T) SB» kompaniýasy sizi potratçylar üçin Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar; biz gyzykly sergileri we şu aşakdaky ugurlar boýunça pikir alyşmak üçin sessiýalary geçireris:


16322bcea326bc.jpeg
2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy

2021-nji ýylda «Gazprom» Türkmenistandan 10,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşygyna taýýarlanylan materiallarda aýdylýar. Duşuşyk 15-16-njy sentýabrda Samarkandda ŞHG sammitiniň çäklerinde meýilleşdirildi diýip, RIA Nowosti ýazýar.