Türkmenistan ÝB bilen ulag, energetika we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy berkidýär
11:27 10.07.2025 2810
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslamalary işjeň durmuşa geçirmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Bu barada Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝB-niň ýanyndaky ilçileri bilen Ýewropa Komissiýasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça Baş direktoratynyň sebit direktory Peteris Ustupsyň duşuşygynyň dowamynda agzalyp geçildi. Bu barada Türkmenistanyň Habarlar merkezi resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow duşuşykda çykyş edip, Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ulag, söwda we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny belledi. Bu gatnaşyklaryň maksady özara bähbitli hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we sebitiň doly mümkinçiliklerini açmakdan ybarat.
Duşuşykda taraplar “Merkezi Aziýa – ÝB” ilkinji sammitiniň netijelerini hem-de 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maýa goýum we Ykdysady forumlara taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Garaşylyşy ýaly, bu forumlar anyk başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança bolar. Esasy üns halkara ulag geçelgelerine, möhüm çig mal serişdeleri babatda hyzmatdaşlyga, şeýle hem ýaşyl energetika we durnukly ösüş ugurlaryndaky taslamalara gönükdiriler.
Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hem Ýewropa Maýa Goýum Banky (EIB) we Ýewropa Täzeleniş we Ösüş Banky (EBRD) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine hem üns berdiler.
Mundan ozal Türkmenistan bilen Ýewropa Maýa Goýum Banky anyk maýa goýum taslamalaryny taýýarlamak we degişli hyzmatdaşlyk Ähtnamalary işläp düzmek boýunça özara hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge taýýardygyny bildiripdi.
GDA-dan gelen synçylar Türkmenistanda saýlawlaryň geçişinde düzgün bozulmalary hasaba almadylar
GDA-dan gelen synçylar 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine täsir edip biljek düzgün bozmalaryň hasaba alynmandygyny bellediler. Bu barada GDA-dan gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow habar berdi diýip, Orient ýetirýär.
Türkmenistanyň biržasynda Owganystandan we Özbegistandan işewürler bilen eksport geleşikleri baglaşyldy
Penşenbe güni, 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda daşarky bazarda bolşy ýaly, içerki bazarda hem uly geleşikler hasaba alyndy.
Türkmenistanda ýanwar-iýunda 39 mlrd kub metre golaý gaz we 4 mln tonnadan gowrak nebit çykaryldy
Türkmenistanda 2025-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 38 milliard 991,4 million kub metr tebigy gaz, 4 million 91,5 müň tonna nebit çykaryldy.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda
Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermeklik ýokary işjeňlik derejesinde geçdi
Geçen şenbe güni, 12-nji martda irden sagat 7-den Türkmenistandaky 2,5 müňden gowrak saýlaw uçastogynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynda ses bermeklik başlandy. Saýlawlarda ses bermek üçin 3,5 milliondan gowrak saýlawçy bellige alyndy.