GDA-dan gelen synçylar Türkmenistanda saýlawlaryň geçişinde düzgün bozulmalary hasaba almadylar
10:38 15.03.2022 11769
GDA-dan gelen synçylar 12-nji martda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine täsir edip biljek düzgün bozmalaryň hasaba alynmandygyny bellediler. Bu barada GDA-dan gelen wekiliýetiň ýolbaşçysy, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Leonid Anfimow habar berdi diýip, Orient ýetirýär.
Bu barada L.Anfimow GDA-nyň synçylar wekiliýetiniň baştutany ýekşenbe güni geçirilen brifingde mälim etdi.
Hususan-da, "Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan gelen synçylaryň wekiliýeti Türkmenistanyň prezidentiniň saýlawlary ýurtda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna laýyklykda geçirildi, erkin, açyk ýagdaýda, bäsdeşlik esasynda geçdi, demokratik saýlawlaryň geçirilişiniň umumy ýörelgelerine eýerildi diýen netijä gelýär" - diýip, Anfimow aýtdy.
Anfimow ses bermegiň asuda ýagdaýda geçendigini habar berdi. "Wekiliýetiň agzalary sesler sanalanda ýanynda boldular. GDA-dan gelen synçylar tarapyndan saýlawlaryň netijesine täsirini ýetirip biläýjek düzgün bozma hasaba alynmady" - diýip, wekiliýetiň baştutany belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň täze ilçisi bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
17-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy diýip, TDH habar berýär.
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi 38-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
Ýurdumyzda Gurban baýramy ýokary ruhubelentlikde bellenilýär
Toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan eziz Watanymyzda mukaddes Gurban baýramy dowam edýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda, oba-kentlerinde Gurban baýramynyň dabarasy uly ruhubelentlige beslenýär. Toý gazanlary atarylyp, milli naharlarymyz bişirilýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýar. Her bir döwletli maşgalada saçaklary bezäp, gelen myhmanlara dürli naz-nygmatlar hödürläp, birek-birege «Gurbanlygyňyz kabul bolsun!» diýip, ýagşy dilegler edilýär.