«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda

07:22 23.08.2023 9899

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/8458/original-164e5b3ad8266e.jpg

Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.

Geçen ýyl ýurdumyzyň çempionatynda bürünç medala mynasyp bolan «Merw» AFK-nyň kubogynyň häzirki möwsümine saýlama tapgyrdan gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Tejribeli tälimçi Witaliý Alikperowyň şägirtleri saýlama tapgyrdaky ilkinji duşuşygyny 15-nji awgust güni Gyrgyzystanyň «Alaý» futbol topary bilen geçirip, güýçli garşydaşlaryndan 1:0 hasabynda üstün çykdylar. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 13-nji minutda Musa Nurnazarow geçirdi.

Bu ýeňiş «Merwe» toparçalaýyn tapgyra girmäge hukuk berýän aýgytlaýjy duşuşykda Täjigistanyň «Hujandy» bilen göreşmek mümkinçiligini berdi. Duşuşygyň Täjigistanda ― «Hujandyň» janköýerleriniň öňünde geçirilmegi türkmen futbolçylarynyň jogapkärçiligini has artdyrdy. Muňa garamazdan, olar 22-nji awgustda geçirilen duşuşykda meýdanda yhlasly we agzybirlikde hereket edip, «Hujanddan» 2:1 hasabynda üstün çykmagy başardylar.

Täjik teleýaýlymy tarapyndan türkmenistanly janköýerlere-de göni ýaýlymda elýeterli edilen duşuşyk iki garşydaşyň hem güýçleriniň deňeçerdigini görkezdi. «Hujandyň» meýdanynda, garşydaş toparyň janköýerleriniň öňünde oýnaýandyklaryna garamazdan, «Merwiň» futbolçylary birjik-de aljyramadylar. Hatda, käbir pursatlarda olar garşydaş topardan rüstem futbol oýnadylar. Şeýlelikde, duşuşygyň 54-nji minudynda hüjümçi Myrat Ýagşyýew «Merwi» hasapda öňe çykardy.  Ýöne «Merw» bu üstünligi 79-njy minuda çenli saklap bildi. Duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 11 minut galanda «Hujandyň» goragçysy Parwiz Bokiýew hasaby deňledi. Şondan soň ikitaraplaýyn guralan hüjümleriň hiç biri hem netije bermän, 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşyk ýene ýarym sagat uzaldyldy.

Ine, şol ýarym sagatlyk goşmaça wagt hem «Merwe» üstünlik getirdi. Duşuşygyň 111-ni minudynda «Alaý» bilen bolan oýunda tapawutlanan Musa Nurnazarowyň ornuna meýdança giren Myrat Öwezmyradow oýna goşulmagyndan üç minut soňra ― 114-nji minutda tapawutlanyp, «Merwiň» ýeňiş goluny geçirdi.

Bu ýeňiş «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki topara ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gatnaşmak hukugyny berdi. «Merw» AFK-nyň kubogynyň Merkezi sebitinde ýurdumyzyň «Altyn asyr», Täjigistanyň «Rawşan» we Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary bilen ýaryşar. Toparçalaýyn duşuşyklar 20-nji sentýabrda başlanyp, 14-nji dekabarda tamamlanar. Tapgyrda alty duşyşyk geçirjek «Merw» şolaryň üçüsini ýurdumyzda ― öz janköýerleriniň arasynda geçirer.

Şu ýyl «Türkmennebitönümler» baş müdirliginiň hemaýatkärligindäki «Ahal» futbol toparynyň hem AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşjakdygyny ýatladýarys.

(Peýdalanylan suratlaryň çeşmesi: https://fft.tj/hudzhand-ustupil-mervu-i-zavershil-svoe-vystuplenie-v-kubke-afk-2023-24/)

Başga makalalar
16200db436210a.jpeg
Türkmenistanyň biržasynda 52 million dollarlyk mazut we ECO-93 benzini satyldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.


1620115c6f2c9d.jpeg
Ýanwar aýynyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


16805f28532b4d.jpg
Arkadag şäherinde YHG-nyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler

Şu ýylyň aprel aýynda Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumy geçiriler.


16200c5b14236e.jpeg
Türkmenistanyň we HHR-niň Liderleri Hytaýa täze gaz geçirijiniň gurluşygy barada ylalaşdylar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde şenbe güni Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1680337e5734d7.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti TNGIZT-niň infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklibi makullady

18-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi diýip, TDH habar berýär.