Suw gözleýjileriň zähmet üstünlikleri

Suw gözleýjileriň zähmet üstünlikleri

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň agzalary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň her bir aýyny zähmet rowaçlyklaryna beslemek bilen, ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şöhratly senesini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaklyga uludan taýýarlyk görýärler. Munuň şeýledigine ekspedisiýanyň agzybir zähmet köpçüligi tarapyndan şu ýylyň bäş aýynyň jemleri boýunça ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da doly göz ýetirmek bolýar. Şol döwürde ekspedisiýanyň işjeň agzalary tarapyndan bäş aýyň iş meýilnamasy 129,69 göterim ýerine ýetirilip, welaýatyň Gubadag, Boldumsaz, Akdepe hem-de Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynda ýerasty suwlaryň jikme-jik barlag işlerini alyp barmakda ýokary üstünliklere eýe bolundy.

Ekspedisiýanyň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň giňişliklerinde, Garagum sährasynyň jümmüşinde we welaýatyň obadyr şäherlerinde ekologiýa hadysalaryny, ýerasty suwlaryň hereketini hem-de tebigat, tebigy baýlyklarymyz bilen baglanyşykly geoekologik ýagdaýlary öwrenmek ugrunda burawlaýyş hem-de ylmy-barlag işlerini yzygiderli alyp bardylar. Bu babatda gürrüň edilende, ekspedisiýanyň degişli hünärmenleri tarapyndan gadymy Was ýaýlasynda ýerleşýän Ruhubelent hem-de S.A.Nyýazow adyndaky etraplaryň sähra zolaklarynyň ilatynyň süýji suwa bolan islegini doly kanagatlandyrmak maksadyna 1:50000 ölçegdäki geoekologik surat alma işleriniň hem netijeli amal edilendigini aýratyn bellemek bolar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993