Türkmenistan SEforALL bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Türkmenistan SEforALL bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

4-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Hemmeler üçin durnukly energetika» (SEforALL) halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary Stefano Marguçço bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň SEforALL guramasy bilen durnukly energetika, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we halkara energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmak ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň geljek ýylda SEforALL-yň Ählumumy forumyny geçirmek baradaky başlangyjyna aýratyn üns berildi. Bu çäräniň halkara dialogy giňeltmekde we durnukly energetikany ösdürmegiň ählumumy gün tertibini ilerletmekde ähmiýeti nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň energetika özara baglanyşygyny pugtalandyrmaga we durnukly energetika ulgamynda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ony anyk amaly mazmun bilen baýlaşdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Nebitgaz №44
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№44

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 3-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993