«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» öňde goýlan aýdyň wezipeleriň durmuşa geçirilmegine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Galkynyşnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 31 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgatly barýarlar.
Hazar deňziniň kenaryndaky Çeleken ýarym adasyndaky baýlyklar känlerinde iş alyp barýan müdirligiň hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri hereket edýän guýulardan meýilnamada bellenilen 367,1 müň tonna derek 402,1 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykarmagyň hötdesinden geldiler. Göz öňünde tutulan meýilnamany 109,5 göterim ýerine ýetiren kärhananyň «gara altyn» ussatlary şu günler burawlaýjylardan kabul edip alnan täze nebitli guýularyň ikisini senagat taýdan özleşdirmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Munuň özi kärhanada gazanyljak täze zähmet üstünlikleriniň mynasyp dowamat tapjakdygyna aýdyň güwä geçýär.