3-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi Pol Kapur bilen duşuşdy, diýip TDH habar berýär.
Pol Kapur ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, ýurdumyzyň ýolbaşçylygyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň salamyny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar düşünişmek, hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ösdürilýär, köpugurly häsiýete eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.
ABŞ-nyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini goldaýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz bu babatda amerikan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda iki döwletiň arasynda işjeň syýasy dialogyň alnyp barylýandygyny nygtady. 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Waşington şäherinde «C5+1» formatyndaky sammite gatnaşdy hem-de Donald Tramp bilen duşuşykda türkmen-amerikan gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdy.
Şeýle hem Özbegistanyň Samarkant şäherinde ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky duşuşygynyň ähmiýeti bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetde ösýändigini «Nicklaus Design», «John Deere», «Case New Holland» we «Boeing» ýaly amerikan kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk etmegiň toplanan tejribesi hem tassyklaýar. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşi hereket edýär, onuň nobatdaky maslahaty ýakynda Aşgabat şäherinde geçirildi.
Tebigy serişdelere baý ýurt bolmak bilen, Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny durmuşa geçirýär, öndürijileriň, sarp edijileriň we üstaşyr geçirijileriň bähbitlerini deň derejede nazara almak esasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek ugrunda çykyş edýär. Şu barada gürrüň edip, Gurbanguly Berdimuhamedow energetika babatda sebitde uly geljegi bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň durmuşa geçirilmegine ABŞ tarapyndan berilýän ünse we goldawa ýurdumyzda ýokary baha berilýändigini nygtady.
Energetika, ulag-logistika ýaly ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegini hem mundan beýläk-de goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň uzak möhletleýin we köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.