AŞGABADYŇ GIJESI

AŞGABADYŇ GIJESI

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Ýyldyza baý asmany,
Aşgabadyň gijesi.
Güle çümen çar ýany,
Aşgabadyň gijesi.

Seniň goýnuň bahar-ýaz,
Hoş ýaňlanýar aýdym-saz,
Bilbil saýrar hoş owaz,
Aşgabadyň gijesi.

Iller seýil-seýranda,
Teşne gözler haýranda,
Nur görünýär her ýanda,
Aşgabadyň gijesi.

Dünýä haýran görküňe,
Sende ýürek örküm-eý.
Bagt paýlaýar herkime,
Aşgabadyň gijesi.

Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Parahatlyk, dost-doganlyk merkezi,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!
Bagtly edip goýnuňdaky her kesi,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Arkadag döretdi ajaýyp mekan,
Güllemişdir döwür, eşretli zaman,
Aýyň nury deýin şöhlesin saçýan
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Taryhyň, şugünüň, geljegiň baýdyr,
Gözel keşbiň soňlanmajak serpaýdyr,
Seniň günüň 25-nji maýdyr,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Bagladym men saňa ýürek örkümi,
Şol sebäpden açyp has-da görküňi,
Sözüm ýetmez taryplasam durkuňy,
Ata Watan ýüregisiň, Aşgabat!

Atajan  MUHAMMETGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993