«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda barha rowaçlyga beslenýän üstümizdäki ýylymyzyň her bir aýyny ýokary iş görkezijileri bilen jemleýän «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň gazçylary barha golaýlaşýan ak mermerden paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senelerini mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.
Halkymyzyň mukaddes öý-ojaklarynyň odunyň baky alawlamagy hem-de türkmen gazynyň dünýä bazarynda öz möhüm ornuny eýelemegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän müdirlik «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» we «Derýalyk» ýaly önümçilik edaralaryny, dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 4500 kilometrden gowragyny hem-de gaz sazlaýjy desgalaryň onlarçasyny özüne birleşdirýär.