(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Merkezi döwlet arhiwi «Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, ýokary we orta mekdeplerde arhiw resminamalaryny peýdalanyp okuw sapaklaryny geçirýär. Ýakynda şeýle okuw sapaklaryň biri paýtagtymyzdaky Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirildi. Oňa bilim işgärleri, alym-professorlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Okuwyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. «Aziýanyň merjen şäheri», «Aşgabadyň taryhy we şu güni», «Aşgabadyň taryhy bilen baglanyşykly resminamalar» atly temalar boýunça edilen çykyşlar täsirli boldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyzy dünýäde iň ösen, döwrebap şäherleriň birine öwren Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.
Okuwyň dowamynda Aşgabat şäheri barada görkezilen dokumental filmler we taryhy suratlar oňa gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn kabul edildi. Aşgabadyň taryhy, geçmişi we şu güni bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň ýörite web sahypasy arkaly (https://archive.gov.tm) tanyşmak mümkin.
Döwlet ATAÝEW,
Türkmen döwlet
binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.