Aşgabat

Aşgabat

(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)

Atýar süýji daňlar ak päle meňzäp,
Ganabilmän Gün eglenýär roýuňdan.
Kim bagtyny, kim arzuwyn idäp ýör,
Läle deý açylan gülleň çogundan.

Aý nurun düşeýär aýna ýoluňa,
Eçip bolluk bilen sahawatyny.
Ýa bu Aýyň uçmah öýdüp ýanyňa
Begenip gelşiniň alamatymy?!

Başga sende ýazlaň ýaza meňzeýşi,
Ömrüň ömre, toýlaň toýa ulaýşy.
Okap däl, alnyňda janlanýar bu gün,
«Ak guwlaryň», ertekileň döreýşi.

Neneň gözel saňa baglanan hyýal,
Gezmek gowy eziz adyň gaýtalap.
Buýsanyp, çar ýandan ýaňlanýar jümle:
«Gül Watanmyň ýüregi sen, Aşgabat!».

Sünnä sungat hem yhlasyň heýkeli,
Eýlenipdir mähre süňňi-süýegiň.
Görküň sözsüz beýany bor asyrlap,
«Ýagşyny görmegiň jennetdiginiň».

***

Eý, şäher, ullakan gujagyň giň seň,
Seň goýnuňda mesgen tutdy arzuwym.
Näçe umytlary hasyl edipsiň,
Isleýän dek hemmeleriň gowlugyn.

Saňa ýerleşipdir ýaşlygyň döwri,
Gojalaryň öwütlerne ýugrulyp.
Bilemok, näm üçin soňky döwürler
Saňa juda gidipdirin höwrügip.

Täsin sende gijeleriň aýdymy,
Täsin, bagtyň gülün paýlaýan çagyň.
Gujaklap-gujaklap apalap ýörün,
Maňa rowa gören günleriň baryn.

Baglarňa, ýollarňa hemem düýnüňe
Ýerleşipdir hakydalaň üşügi.
Sag bol, bu gün hasyl edeniň üçin
Kän ýyllar öňürti gören düýşümi.

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993