9-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly çärelere hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň bu çakylygy iki dostlukly ýurduň Baştutanlarynyň arasynda 7-nji maýda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde beýan edildi.
Dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa şeýle hem Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň prezidentleri, Ermenistanyň premýer-ministri geldi.
Şanly sene mynasybetli Moskwanyň Gyzyl meýdanynda harby gullukçylaryň hem-de harby tehnikalaryň dabaraly ýörişi boldy.
Dabaraly harby ýöriş tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna tarap pyýadalap ugradylar. Bu ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýmak çäresi boldy.
Tutuş adamzadyň parahat durmuşynyň we azatlygynyň goragyna giden hem-de 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda faşizme garşy söweşlerde wepat bolan gahrymanlara hormatyň nyşany hökmünde döwlet Baştutanymyz Baky oda gül goýdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýeňşiň hormatyna guralýan bu gezekki dabaralara gatnaşmagynyň häzirki nesliň hakydasynda baky saklanan azat edijileriň edermenligine çuňňur hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini bellemek gerek.
Dabaraly çäreler tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Moskwanyň “Wnukowo-2” howa menziline geldi we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Türkmenistanda hem Russiýada bolşy ýaly, söweş meýdanlarynda janlaryny gaýgyrman, gaýduwsyzlyk bilen söweşen esgerleriň hatyrasy belentde tutulýar. Tylda zähmet çekenler, urşuň yzynda galan zenanlar-da aýratyn hormata mynasypdyrlar. Olar hernäçe agyr hem bolsa, uzak garaşylan Ýeňşiň gazanylmagy ugrunda yhlasly zähmetlerini gaýgyrmadylar.