«Awazada» üçtaraplaýyn Sammitiň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi

«Awazada» üçtaraplaýyn Sammitiň netijeleri boýunça resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy diýip, çarşenbe güni TDH habar berýär.

Duşuşygyň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga, şeýle hem 2023-2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama gol çekildi.

Şeýle hem Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993