«Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Birinji üçtaraplaýyn Sammiti başlandy

«Awazada» Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň Birinji üçtaraplaýyn Sammiti başlandy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammit öz işine başlady. Onuň barşynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylýar diýip, TDH habar berýär.

Bu ýerde Sammitiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly döwletiň Baştutanlary bilen duşuşdy.

Şeýle hem bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow forumyň öňüsyrasynda azerbaýjan we türk kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Sammitiň resmi banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, Kogressler merkezinde çäkli düzümde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn gepleşikler başlandy. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Soňra Birinji üçtaraplaýyn Sammit giňişleýin düzümde dowam edýär. Taraplar ykdysady ugurda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Duşuşykda söwda, energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek möhüm meseleleriň hatarynda kesgitlenildi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara, sebitleýin we halkara derejesinde strategiki häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şeýle hem özara gatnaşyklaryň üçtaraplaýyn görnüşiniň däp bolan dostlukly, ynamdar gatnaşyklary berkitmek we gatnaşygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Giňişleýin düzümdäki duşuşyk tamamlanandan soň, resminamalara gol çekmek dabarasy meýilleşdirilýär.

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993