Duşenbe güni owgan habar beriş serişdeleri Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň importynyň artandygyny habar berdiler. Neşirlerde bellenilmegine görä, bu barada beýannamany ykdysady toplumyň mejlisinden soň, talibanlaryň wagtlaýyn hökümeti neşir etdi.
Wagtlaýyn hökümetiň beýanatynda aýdylmagyna görä, import ediji kompaniýalar ýurduň bazaryna eýýäm Türkmenistandan Owganystanyň Haritan, Akina we Turgundy şäherlerine getirilen müňlerçe tonna suwuklandyrylan gazy ibererler.
Owganystanyň Hökümeti suwuklandyrylan gazyň bu möçberleriniň paýlanylmagy bilen ýurduň bazarynda ýangyjyň bu görnüşiniň bahasyny düýpli peseltmek başarar diýip umyt edýärler.
Owgan hökümetiniň beýanatynda şeýle hem bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda ýurda suwuklandyrylan gazyň onlarça müň tonnasy getiriler.