Birža söwdalarynda nebit önümleriniň giň toplumy eksport edildi

Birža söwdalarynda nebit önümleriniň giň toplumy eksport edildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gaz owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň we Ermenistanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri hem-de guradylan buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň55 million 399 müň 550 dollaryna deň boldy.

BAE-niň we Türkiýe Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri 13 million manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993