Ahaldaky benzin önümçiligi boýunça zawodyň çäginde rezerwuar parkyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

Ahaldaky benzin önümçiligi boýunça zawodyň çäginde rezerwuar parkyny gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça Ahaldaky zawodyň çäginde benzin, kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasy we suwuklandyrylan gaz saklamak üçin täze rezerwuar parky gurlar. Bu «Нейтральный Туркменистан» gazetinde neşir edilen «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň yglan eden halkara bäsleşiginde göz öňünde tutulýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin «Türkmenhimiýa» DK gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk ýagdaýyny, bellige alnan ýurduny, rekwizitlerini görkezip ýazmaça arza bermeli, şeýle hem GBS-i hasaba alyp, ABŞ-nyň 1150 dollaryny ýa-da Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça şol barabarlykda manat töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Bäsleşige resminamalary tabşyrmagyň ahyrky senesi onuň «Нейтральный Туркменистан» gazetinde yglan edilenden (20-nji iýul) soň 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993