«Körpeje» müdirliginiň önümçilik görkezijileri artýar

«Körpeje» müdirliginiň önümçilik görkezijileri artýar

«Halkyň Arkadagly zamany» şygasy astynda geçýän ýylyň hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz  çykaryş müdirligi boýunça hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy 1 mlrd 52 mln kub metrden geçdi, önümçilik meýilnama 121,5% ýerine ýetirildi.

Körpeje, Çekişler, Altyguýy guýularyndan gaz kondensatynyň çykarylyşyny möçberi 15 müň 340 tonna barabar boldy, meýilnamadan artyk 3 müň 621 tonna çykaryldy.

Häzirki wagtda kärhanada 750-den gowrak işgär zähmet çekýär. Müdirligiň bölümleri döwrebap tehnologiki desgalar, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary takyk kompýuter ulgamlary bilen üpjün edilen. Çekişler meýdançasynda hereket edýän pes temperaturaly desgada günde 5 mln kub metr töweregi taýýarlanylýar.

Akpatlawuk, Keýmir we Çekişler meýdançalarynda gazy toplamak, taýýarlamak we sarp edijilere ibermek boýunça ölçeýji enjamlar netijeli peýdalannylýar. Doly taýýarlykdan we arassalamadan soň, gaz «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanalaryna iberilýär.

Nebitgaz No47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993