Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farruh Şarifzodanyň «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasynyň (NAPECO)» baş direktory Maksat Pirliýew bilen duşuşygynda nebiti gaýtadan işlemek boýunça bilelikdäki kärhanany döretmek mümkinçiligine garaldy diýip, ORIENT habar berýär.
Şunuň bilen baglylykda, nebit önümlerini Täjigistana ibermek mümkinçiligine her seredildi.
Türkmenistan 2021-nji ýylda Täjigistana suwuklandyrylan gazyň eksportyny ýola goýdy. Geçen ýylyň ahyryna çenli suwuklandyrylan tebigy gazyň ibermeeri 5 müň tonna suwuklandyrylan gaza barabar boldy. Duşenbe türkmen nebit önümleriniň satyn alnyşyny artdyrmak meýilleri barada aýdypdy.