Geçen anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýar bilen geçiren söhbetdeşliginde türkmen gazyny Gazagystana ibermek we Türkmenistanda galla terminalyny gurmak boýunça bilelikdki taslamalar maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet Habarlar agentligi habar berýär.
Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
«Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň şenbe güni neşir edilen sanynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistanyň Baştutanyna iberen hatynda bellenilişi ýaly, «energetika, logostika, senagat we oba hojalygy ulgamlarynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin möhüm itergi bolup biler».
Tokaýewiň hatynda bellenilişi ýaly 2021-nji ýylyň güýzünde Türkmenistana saparynyň barşynda iki ýurduň häkimiýetleri ýangyç-energetika toplumynda, şeýle hem türkmen-owgan serhedinden galla terminalyny gurmakda bilelikdäki taslamalaryň geljegi uludyr.
Şunuň bilen baglylykda, gazak lideri bu taslamalaryň hil taýdan oňat işlenilmegi üçin Türkmenistana Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iberendigini belledi.