Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

Türkmenistanda Konstitusiýa we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi

18-nji maýda Türkmenistanda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenildi. Aşgabatda geçirilen resmi dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Köpçülikleýin dabaralar Konstitusiýa binasynyň ýanynda başlanyp, şol ýerde   güller çemenleri goýuldy. Döwlet Baştutanymyz ilkinji bolup sütüniň düýbüne gül dessesini goýdy. Soňra parlamentiň iki palatasynyň ýolbaşçylary - Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa gül desselerini goýdular.

Bu dabara hökümet agzalary, ministrler we beýleki ýolbaşçylar, daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, dabarada olary türkmen lideri mübärekledi.

Gül çemenleriniň goýlmak dabarasy ýurdumyzyň baş Baýdak sütüniniň ýanynda hem geçirildi, bu ýerde uly göwrümli Döwlet baýdagymyz parlaýar. 

Şanly senäniň hormatyna agşam Garaşsyzlyk seýilgähindäki «Aşgabat» amfiteatrynda uly konsert berildi, onuň maksatnamsyna teatrlaşdyrylan sahna eserleri, meşhur aýdymçylaryň, folklor we çagalar aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary girdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993