— «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň girişinde Gahryman Arkadagymyz diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar. Bu bolsa, her bir adam üçin örän möhümdir.
Kitap bize türkmen halkynyň geçmişi, ahlak gymmatlyklary, türkmenlerde ylmyň, bilimiň we medeniýetiň döreýşi hem-de ýaýraýşy, Oguz han döwründen miras galan parahatçylyk söýüjilik, döredijilik ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz bitaraplygyň, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy bolmagynda galýandygyny täze eseriniň sahypalarynda beýan edýär.
Eserde Abu Seýit Abylhaýyr (Mäne baba), Hoja Ahmet Ýasawy, Nejmeddin Kubra, Bahaweddin Nagyşbendi ýaly sufizmiň görnükli wekilleriniň, ulamalaryň hem-de syýasatşynaslaryň durmuşyna göz aýlap bolýar. Munuň aňyrsynda awtoryň köp sanly taryhy çeşmeleriň we resminamalaryň, ylmyň we medeniýetiň görnükli wekilleriniň eserleriniň üstünde geçiren düýpli barlag işleri durýar.
Gahryman Arkadagymyzyň täze işiniň ähmiýeti diňe bir türkmeniň beýik taryhy mirasyny öwrenmekde däl-de, eýsem, ýurdumyzyň raýatlarynyň, ozaly bilen, ýaşlarymyzyň belent ruhy we ahlak keşbini kemala getirmekde has-da artýar.
Hormatly Arkadagymyz taryhy-filosofik eserinde gozgan meseleleriniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabynda dowam etjekdigini belleýär. Ajaýyp eseriň dowamyna biz sabyrsyzlyk bilen garaşarys.