Türkmenistanyň Daşary işler ministri Rasid Meredowyň BAE-niň diplomaty, Ilçi Mohamed Said Mohamed Al Ariki bilen geçiren duşuşygynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Degişli meseleleri taýrlamagyň wajypdygyny nygtap, taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Komitetiň nobatdaky mejlisini meýilleşdirilşi ýaly 2022-nji ýylyň dowamyna Abu-Dabi şäherinde geçirmegiň meselelerine garadylar.