Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

Sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanlary mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna beslenendigi bellenildi. Geçen döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasynda netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygy nygtaldy.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy köpugurly görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hem gatnaşyklary üstünlikli ösdürýärler. BMG-niň, YHG-nyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda Türkiýe Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyny we Işewürlik geňeşini netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde ulanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993