«Gündogargazakdyryş» müdirligi: yhlasly zähmet

«Gündogargazakdyryş» müdirligi: yhlasly zähmet

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 11-nji fewralynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisi geçirilip, onda Türkmenistany ösdürmegiň geljek 30 ýyl üçin maksatnamasy tassyklanyldy. Bu forumyň möhüm kararlary tutuş nebitgaz toplumynyň işgärlerini bolşy ýaly, «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň işgärllerini hem has-da uly zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. 

«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylyň ilkinji aýlarynda müdirligiň hünärmenleri tarapyndan sarp edijilere gaz ibermek boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatly nokatlary, şeýle hem iki sebitiň edara-kärhanalary tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilýär.

Ideg edilýän ýokary basyşly gaz turbalarynyň umumy uzynlygy 2808 km-den geçýär. Müdirligiň gazçylary 77 sany gaz paýlaýjy beketleriň, 15 sany gaz sazlaýjy beketleriň yzygiderli tehnologiki gözegçiligini amala aşyryp, tebigy gazyň bökdençsiz iberilmegini üpjün edýärler.

«Gündogargazakdyryş» müdirliginiň awtotraktor gullugynyň hünärmenleridir sürüjileri hem «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmekde mynasyp goşant goşýarlar. Meýilnama laýyklykda ýokary basyşly gaz geçirijilerinde abatlaýyş işleri geçirilýär, şeýle hem sazlaýyş, anyklaýyş we güýz-gyş möwsümine taýýarlyk çäreleri geçirilýär.

Mundan başga-da, ýörite ulag serişdeleriniň, şol sanda kuwwatly traktorlaryň satyn alynmagy netijesinde müdirligiň ulag parky yzygiderli täzelenýär. Ýakynda onuň düzümine «KAMAZ» kysymly ýöriteleşdirilen awtoulag gelip gowuşdy.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993