Geçen hepdede Mary welaýatynda ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. Döwlet Baştutanynyň degişli Kararyna laýyklykda, täze kärhanany gurmak boýunça taslamany “Eziz dag” hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.
Täze zawodyň ulanmaga tabşyrylmagy ýurdumyzda bu önümiň çykarylyşyny artdyrmaga, netijede bolsa onuň eksportynyň mukdaryny köpeltmäge mümkinçilik berer.
Umumy meýdany 9,9 gektara barabar bolan kärhana häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Onuň düzümine önümçilik toplumyndan başga-da, edara binasy, ammar, birnäçe ugurdaş inženerçilik-tehniki desgalar girýär. Şeýle hem senagat desgasynyň işiniň doly üpjün edilmegi üçin hemme zerur ulgamlar, şol sanda gaz, elektrik, suw üpjünçilik ulgamlary we beýlekiler göz öňünde tutuldy.
Ýurdumyzyň ägirt uly çig mal kuwwatynyň netijeli peýdalanylmagy daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwatyny artdyrmak wezipelerini üstünlikli çözmäge, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.