Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Rus diliniň we edebiýatynyň hepdeligi geçirilýär. Bu ýerde ýokary okuw mekdebiniň professor-mygallymlary tarapyndan rus diline we edebiýatyna, Russiýanyň ylmyna we sungatyna bagyşlanyp taýýarlanylan sergi ýaýbaňlandyryldy.
Hepdeligiň dowamynda «Rus dili – parahatçylygyň we dostlugyň dili» atly diwar gazet bäsleşigi, şeýle hem breýn-ring, rus şahyrlarynyň şygyrlarynyň teatrlaşdyrylan okalyşy guraldy.
— Çäräniň maksady — ýaşlary rus dilini öwrenmäge çekmek, rus medeniýeti, edebiýaty we ylmy bilen tanyşdyrmak — diýip, ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Ogulnyýaz Annataganowa belleýär.