Makron we Jonson Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Makron we Jonson Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson Prezident Serdar Berdimuhamowa iberen hatlarynda Türkmenisan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlyklaryny mälim etdiler.

Emmanuel Makronyň belleýşi ýaly, 1992-nji ýylyň 6-njy martynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri, Fransiýa we Türkmenistan özara gatnaşyklaryny has-da berkitdiler. Şu 30 ýylyň içinde Türkmenistan fransuz kompaniýalary bilen binagärlik we gurluşyk, kosmosdan Ýere gözegçilik, senagat tehnologiýalary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýdy.

«Hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmäge, şeýle hem daşky gurşawyň, saglygy goraýşyň, howpsuzlygyň ählumumy meselelerini bilelikde çözmek üçin ony täze ulgamlarda giňeltmäge taýýardygymyza Sizi ynandyrmak isleýärin» diýlip hatda aýdylýar.

Boris Jonson hatynda «öňümizdäki ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigimize ynam bildirýärin» diýip belledi.

Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň hatynda belleýşi ýaly, «Döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad we beýleki resmi adamlar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn netijeli gepleşikleri geçirdiler».

Siziň ýurduňyzyň “ýaşyl” energiýa çeşmesine geçmegi ugrunda hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçilikleri örän uludyr.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekdäki bilelikdäki tagallalar özara söwda gatnaşyklarymyza itergi berjek täze ugurlary kesgitlemäge mümkinçilikleri açar — diýlip hatda aýdylýar.

Emmanuel Makron we Boris Jonson hatlarynda Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň mart aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutladylar.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993