Serdar Berdimuhamedow Şahbaz Şarifi Pakistanyň Premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlady

Serdar Berdimuhamedow Şahbaz Şarifi Pakistanyň Premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow jenap Mian Muhammad Şahbaz Şarife Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklaryň özara ýakynlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, dost-doganlygyň we birek-birege hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýan bu gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, doganlyk halkyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993