Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi

Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi

Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedow 8-nj aprelde Aşyrguly Begliýewi Prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi.

Prezident şeýle hem nebitgaz we oba hojalyk meseleleri boýunça geňeşçi wezipelerini döretmek hakynda resminamalara gol çekdi.

Bu barada döwlet Baştutany geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi. Mejlisiň barşynda 2022-nji ýylyň 1-nji çärýeginde ýurduň ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlenildi.

Aşyrguly Begliýew öň nebitgaz pudagynda dürli ýolbaşçy wezipelerde işledi. 2015-2017-nji ýyllarda «Türkmengaz» döwlet konsernine ýolbaşçylyk etdi. Ondan öň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça döwlet agentliginiň direktorynyň orunbasary bolup işledi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993