Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Wladimir Putin: bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün ederis

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatyny iberdi.

«Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç! Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy kabul ediň!» diýlip W.Putiniň iberen hatynda bellenilýär.

Biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we özara hormat goýmagyň oňyn däplerine daýanyp, bize geçen onýyllyklarda döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak başartdy. Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär, diýip RF-niň Prezidenti belleýär.

«Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazarda howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň maksadyna eýerýär» - diýip, W.Putin belleýär.

Hatynyň ahyrynda Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993