Petronas Azerbaijan (Shah Deniz) kompaniýasy Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.
2021-nji ýylyň güýzünde LUKOÝL kompaniýasy Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki iri gaz käni bolan Şa-Deňiz känindäki Petronas-yň paýyny 2,25 mlrd amerikan dollaryna satyn almak hakynda ylalaşdy.
Emma netijede SOCAR Petronas-yň paýynyň 4,35%-ni, BP – 1,16%-ni satyn aldy. LUKOÝL-a 1,45 mlrd amerikan dollaryna 9,99% galdy. Geleşik 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýapyldy.
Şeýlelikde, Şa-Deňiz taslamasyna BP plc (29,99%, operator), LUKOÝL (19,99%), TPAO (19%), SOCAR (14,35%), NICO (10%) we SGC (SOCAR-yň golçury, - 6,67%) kompaniýalary gatnaşýar.
Şol bir wagtda Petronas kompaniýasy 1996-njy ýyldan bäri taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebitgaz känlerini özleşdirmegini dowam edýär. Şol wagtdan bäri kompaniýanyň taslama maýa goýumlary 11 mlrd amerikan dollaryna barabar boldy.
Petronas kompaniýasy 29-30-njy martda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumynyň hemaýatkärleriniň hatarynda boldy.