«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär

«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.

Häzirki wagtda hyzmat edilýän gaz torlarynyň umumy uzynlygy 1363 km ýetýär. Guramanyň jogapkärçilik zolagynda 370-den gowrak gaz sazlaýjy we gaz paýlaýjy desga bar. Etrabyň çäginde hereket edýän 20 müň 160-dan gowrak hojalyk, kärhanalar we edaralar tutuş ýylyň dowamynda tebigy we suwuklandyrylan gaz bilen üznüksiz üpjün edilýär.

Gaz geçirijilerini we işjeň ýagdaýda saklamak we gaz üpjünçiligini üznüksiz amala aşyrmak üçin toplumlaýyn işler geçirilýär. Daşoguzly gazçylar gazy iberiji desgalarynyň düýpli abatlaýyş işlerine, şeýle hem täze ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmeklige aýratyn üns berýärler. Tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek ilkinji nobatdaky wezipe bolup durýar.

Geçen ýylda Amyderýa geňeşliginiň merkezinden uzak aralykda ýerleşen Mäter obasynyň gaz bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň welaýatyň gurluşyk-gurnaýjylary bilen birlikde gaz geçirijini abatlamak işleri amala aşyryldy. Hususan-da, turbalar 219 mm diametrli täze turbalara çalşyryldy.

Şeýle hem hünärmenler ilat arasynda tebigy gazdan tygşytly we rejeli peýdalanmak boýunça wagyz işlerini yzygiderli geçirip durýarlar. 

Nebitgaz No47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993