Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen şenbe güni «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler.
Belläp geçsek, şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda ilçi Sýan Naýçen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 4-20-nji fewral aralygynda Pekinda geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin resmi diplomatik çakylygyny gowşurdy.