2021-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda nebit-gaz ýataklarynyň açylyşlarynyň geçen 75 ýylyň dowamynda iň pes derejä ýetmegine garaşylýar. Bu barada energiýa pudagy boýunça seljerme geçirýän “Rystad Energy” kompaniýasy tarapyndan toplanan maglumatlara salgylanyp, Interfaks habar berdi.
2020-nji ýylda 12,5 milliard barrel nebit ekwiwalentine deň nebit-gaz gorlary tapyldy.
“Käbir geljegi uly guýularyň ýylyň ahyryna çenli burawlanmagyň meýilleşdirilýändigine garamazdan, bu 2021-nji ýylda tapylan gorlaryň göwrümleriniň ýokarlanmagyna eltip bilmez. Sebäbi olaryň burawlanmagy şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmazlygy mümkindir” diýip, “Rystad Energy” kompaniýasynyň wise-prezidenti Palzor Şenga aýtdy.
2021-nji ýylda üsti açylan täze ýataklaryň üçden iki bölegi (66%) suwuk uglewodorodlary saklaýar, galan bölegi gaza degişli. Geçen ýylda gatnaşyk 56% — 44% görnüşdedi.
Noýabr aýynda ABŞ-nyň esasy banklary we bazardaky uly kompaniýalar 2022-nji ýylda nebitiň bahasy baradaky çaklamalaryny ýokarlandyrdylar. “Bank of Amerika” bankynyň analitikleri, nebitiň “Brent” görnüşiniň 2022-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli bahasynyň 120 ABŞ dollaryna çenli ýokarlanmagyna garaşýarlar. “JPMorgan” banky 2022-nji ýylda “Brent” nebitiniň bir barreliniň ortaça bahasynyň $88 ABŞ dollaryna barabar boljakdygyny çaklaýar.
Yoti West-iň tapyndylary «LUKOÝL-yň» Meksikadaky ýataklarynyň uglewodorodlarynyň jemine barabardyr, emma muňa garamazdan, ol söwda taýdan işläp taýýarlamak üçin heniz hem ýeterlik däldir diýip, Rystad-yň analitikleri belleýär. Olaryň pikiriçe, munuň üçin şu barabarlykdaky täze açyşlar zerur.