Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Owganystana iberilen ynsanperwer kömegiň içinde 20 sany demir ýol çeleklerinden ybarat nebit önümleri bar

Sişenbe güni Türkmenistandan goňşy Owganystana azyk, dokma, hojalyk  harytlaryndan, şeýle-de nebit önümlerinden ybarat bolan ynsanperwer kömegi ugradyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Hökümetimiziň şu ýylyň 10-njy dekabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi hakynda Buýruga gol çekdi. Bu resminama «goňşy Owganystana ykdysady, durmuş hem ynsanperwer ugurlarynda ýardam hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermek babatynda alyp barýan işlerini ulgamlaýyn we yzygiderli esasda dowam etmek maksady bilen gol çekildi», diýlip Buýrukda bellenendir.

Resminama laýyklykda, şu gün türkmen tarapy doganlyk owgan halkyna Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerinden, azyk senagatynyň harytlaryndan ybarat bolan 1,200 tonna mukdaryndaky dürli maksatly ýükleri, şol sanda nebit önümleri bilen doldurylan 20 sany demir ýol çeleklerini özünde jemleýän ynsanperwerlik kömeginiň gowşurylmagyny üpjün etdi.  

Bitarap Türkmenistanyň ulgamlaýyn esasda goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini, şeýle hem Owganystandaky ýagdaýlaryň diňe parahatçylykly ýollar bilen, syýasy-diplomatik serişdeleriň ulanylmagy arkaly çözülmegi ugrunda gyşarnyksyz çykyş edýändigini hem bellemek zerurdyr.

Nebitgaz No47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993