Müsüriň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy

Müsüriň Prezidenti Türkmenistanyň Baştutanyny Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah Al Sisi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Kaire sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Bu çakylyk Müsüriň Prezidentiniň Türkmenistanyň Baştutanynyň adyna iberen hatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Baştutanyny we doganlyk türkmen halkyny ýurt Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Müsüriň Prezidenti ýurdumyza mundan beýläk hem gülläp ösüş arzuw etdi.

«Pursatdan peýdalanyp, biziň halklarymyzyň bähbitlerine dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Siziň Alyhezreti­ňizi Kair şäherine sapar bilen gelmäge çagyrmagy özüme mertebe hasaplaýaryn.

Size sarpa goýýandygymy beýan etmek bilen, Müsür Arap Respublikasynda Siziň bilen duşuşmaga umyt edýärin» -diýlip hatda aýdylýar.

Nebitgaz No47
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№47

2026-njy ýylyň Noýabr aýynyň 24-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993