Dört aýyň jemlerine garaldy

Dört aýyň jemlerine garaldy

Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda wideomaslahat görnüşinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 7-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň hem-de birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri çykyş etdiler.

Hasabat bilen çykyş edenler döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli berjaý etmegini gazanmak, polietileniň we polipropileniň önümçilik möçberlerini artdyrmak, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň işine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda berlen tabşyryklar barada durup geçdiler.

Hasabat ýygnagynyň dowamynda Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini artdyrmak we tebigy gazy eksport etmek boýunça halkara taslamalary taýýarlamak bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda berjaý etmekligiň ilkinji nobatdaky wezipedigini nygtamak bilen, ýygnananlara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny täze zähmet üstünliklerine beslemekde rowaçlyklary arzuw etdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993