21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Foruma gatnaşyjylar açylyşyň öňýanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara iberen gutlag ýüzlenmesini uly gyzyklanma bilen diňlediler.
Döwlet Baştutanynyň ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, «her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu giň gerimli forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga mümkinçilik döredýär».
Döwlet Baştutany «şu ýyl 31-nji gezek ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň milli hünärmenlerimiz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna» berk ynam bildirdi.
Maslahata döwlet edaralarynyň, milli we halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe edaralarynyň we maýadarlaryň wekilleri gatnaşýarlar.
Forum «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebit özara baglanyşygy we halkara hyzmatdaşlygy» atly umumy mejlis bilen başlandy.
Umumy mejlisiň açylyşynda çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýurduň ýangyç-energetika pudagynyň strategiki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.
Wise-premýer ägirt uly «Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmegiň Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny belledi. 2026-njy ýylyň aprelinde taslamanyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän we häzirki wagtda Hytaýyň CNPC kompaniýasynyň gatnaşmagynda işjeň alnyp barylýan dördünji tapgyrynyň resmi taýdan işe girizilmegi bolup geçdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisi hem esasy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Türkmenistanyň Serhetabat şäherinden Owganystanyň Hyrat welaýatyna çenli uzalyp gidýän esasy bölegi tamamlanmaga golaýlaýar.
Guwanç Agajanow şu ýyl Malaýziýa bilen hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň möhüm waka bolandygyny belledi. 2026-njy ýylyň iýun aýynda deňiz blokları boýunça täze Önümi paýlaşmak hakynda şertnama (ÖPŞ) gol çekildi. Malaýziýanyň Petronas kompaniýasy bu taslama boýunça amaly işlere eýýäm başlady.
Wise-premýer özara bähbitli hyzmatdaşlygy üçin halkara hyzmatdaşlara, maýadarlara we dünýäniň öňdebaryjy energetika kompaniýalaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň iri täze başlangyçlar üçin açykdygyny we energetika pudagynda köptaraplaýyn gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny nygtady.
Bu mejlisde şeýle hem Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Siaojun Greýs Wan, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) prezidenti Rowşan Nejef, PETRONAS kompaniýasynyň baş direktory Mohd Jukris Abdul Wahab, XRG (ADNOC) kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Abdulla Al Şamsi, Dragon Oil kompaniýasynyň baş ýerine ýetiriji direktory Abdulkerim Al-Maazmi çykyş etdiler.
«Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş» atly umumy mejlis Türkmenistanyň energetika ileri tutulýan ugurlaryny anyk maýa goýum taslamalaryna, tehnologiýalary ornaşdyrmaga we uzakmöhletleýin täjirçilik hyzmatdaşlygyna öwürmäge bagyşlandy. Ministrler we milli hem-de halkara energetika kompaniýalarynyň ýokary derejeli ýolbaşçylary tebigy gazy, infrastrukturany, sebit energetika özara baglanyşygyny, tehnologiýalary we maýa goýumlary ösdürmek babatda mümkinçilikleri ara aldylar.
Bu mejlisde Türkmenistanyň Döwlet ministri – «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Global gaz merkeziniň (GGC) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dukro, Azerbaýjanyň energetika ministriniň orunbasary Kamal Abbasow, BOTAŞ-yň Direktorlar geňeşiniň Başlygy we baş direktory Abdulwahit Fidan, CNPC International Ltd. kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş direktory Du Ýumin, şeýle hem XRG (ADNOC) we S&P Global kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Forumyň birinji iş gününiň merkezi temalarynyň biri gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmek boldy. Maksatnamada şeýle hem «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek, uglewodorodlary çuňňur gaýtadan işlemegi ösdürmek, häzirki zaman gazhimiýa toplumlaryny gurmak meseleleri ýaryldy.
22-nji oktýabrda, penşenbe güni maslahatyň wekilleri öz işlerini dowam etdirerler.