Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.
Guramaçylaryň maglumatyna görä, «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän foruma 75 ýurtdan 450 kompaniýa wekilçilik edýän 1700 wekil hasaba alyndy.
OGT 2026 sergi meýdançasy ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň esasy gazananlaryny we ösüşiniň geljegi uly ugurlaryny aýdyň görkezýär. Gatnaşyjylaryň ünsi täze uglewodorod känlerini özleşdirmekde, çig malyň çuň gaýtadan işlenilmeginde, degişli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakda we innowasion tehnologiki çözgütleri ornaşdyrmakda jemlenendir.
Forumyň hyzmatdaşlarynyň we hemaýatkärleriniň hatarynda SOCAR, Dragon Oil, CNPC, PETRONAS, SLB, Petrofac, Sinopec we Baker Hughes ýaly dünýä senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalary bar.
Serginiň tehnologiki täzeligi A.L.I. (Artificial Learning Intelligence) atly Unitree G1 gumanoid roboty boldy. Ol häzirki zaman senagatynda emeli aňy we robot tehnikasyny ulanmagyň mümkinçiliklerini görkezdi.
Sergi bilen bir hatarda OGT 2026 maksatnamasynda konferensiýa sessiýalary, prezentasiýalar we iş duşuşyklary göz öňünde tutulýar. Maslahatlaşyklaryň merkezinde Türkmenistanyň ileri tutulýan nebitgaz taslamalary, maýa goýum hyzmatdaşlygy, sanlaşdyrma we metan zyňyndylaryny azaltmak durýar.
Günüň ikinji ýarymynda OGT 2026 halkara maslahaty öz işine başlar. Onda gaz pudagynyň ösüşi, Hazar sebitinde maýa goýumlary, sebit ulag birikdirijiligi, energetika howpsuzlygy we tehnologiki innowasiýalar meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Maslahat Türkmenistanyň we birnäçe daşary ýurtlaryň hökümet wekilleri, halkara energetika kompaniýalary, maýadarlar, şeýle hem nebitgaz pudagy üçin enjamlary we tehnologiýalary üpjün edijiler gatnaşarlar.
Maslahatyň maksatnamasy ägirt uly Galkynyş gaz käninde maýa goýum mümkinçiliklerine, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasyny durmuşa geçirmäge, deňiz känlerini özleşdirmäge, şeýle hem gazy gaýtadan işlemek, sanly tehnologiýalar we metan zyňyndylaryny azaltmak ugurlaryna bagyşlanýar.
Nebitgaz forumynyň guramaçylary bolup — «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konserleri we «Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasy çykyş edýär.