Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň «C5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy 19-njy oktýabrda Samarkant şäherinde (Özbegistan) geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
Duşuşykda gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhüm meselelerini, şeýle hem häzirki halkara ýagdaýlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar.
Gün tertibinde söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy meseleleri möhüm orun eýeledi. Taraplar ulag-logistika arabaglanyşygyny, şol sanda Transhazar halkara ulag geçelgesini mundan beýläk-de ösdürmegiň, özara söwdany giňeltmegiň, kompaniýalaryň işjeňligini artdyrmak we maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Sebitleýin ykdysady integrasiýany çuňlaşdyrmagyň, senagat kooperasiýasyny ösdürmegiň, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň we häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Energetika, tebigy baýlyklary çykarmak we gaýtadan işlemek, goşulan gymmaty döretmegiň önümçilik zynjyrlaryny ösdürmek, şeýle hem taýýar önümleriň halkara bazarlaryna eksportynyň mümkinçiliklerini giňeltmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Sebit ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän tejribe we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen alyşmaga gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň aýratyn bölegi sanlylaşdyrmak we emeli aň, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de sanly infrastruktura ösdürmek ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegine bagyşlandy. Taraplar ykdysady ösüşi höweslendirmekde, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda we sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmekde emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň wajypdygyny bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň we ABŞ-nyň «C5+1» formatyndaky Bilelikdäki Jarnamasy kabul edildi. Onda taraplar «C5+1» formatyny syýasy dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy hökmünde mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Bu hyzmatdaşlyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga we durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilendir.