Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde ýurdumyzyň Lebap welaýatynda iş sapary bilen bolanda uzynlygy alty ýüz kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga berdi. Ýurdumyzyň Ahal, Mary hem-de Lebap welaýatlaryny paýtagtymyz Aşgabat şäheri bilen birleşdirýän bu ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň ulanylmaga berilmegi bu gün ýolagçylaryň we ýükleriň örän gysga wagtda gatnadylmagyny üpjün edýär. Dünýä ölçegleriniň talaplaryna doly laýyk gelýän halkara awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň ugrunda ähli amatlyklary bolan döwrebap hyzmat ediş binalarynyň ençemesi, şol sanda awtoulaglara ýangyç guýujy beketler hem işe girizilip, ilata hyzmat edýär.
Bu gün sürüjiler «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň ýoluň 372-nji kilometrliginde ýerleşýän 245-nji hem-de 246-njy awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriniň işgärleriniň hyzmatyndan hem giňden peýdalanýarlar. Bu beketler «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň buýurmasy esasynda ýokary hil derejesinde bina edilipdir. Müdirligiň Ýolöten nebit önümleri kärhanasyna degişli bu beketleriň dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy sürüjilere ýokary hilli hyzmat etmeklige mümkinçilik berýär. Awtoulaglara ýangyç guýujy beketlerde sürüjiler awtoulag serişdelerine benziniň A-95, A-92, A-80, EKO-93 görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Beketleriň her birinde göwrümi altmyş tonna ýangyjy saklamaga mümkinçilik berýän metal çanlaryň bäşisiniň bolmagy müşderilere üznüksiz hyzmat etmeklige şert döredýär. Bu ýerde ýangyna garşy göreş çärelerini doly we dogry berjaý etmek üçin bildirilýän talaplara laýyk enjamlar ýerleşdirilipdir. Awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň her birinde gije-gündizde 750 sany awtoulaga hyzmat edilýär.