Indi biregne elli iki ýyl bäri «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň düzümlerinde zähmet çekip gelýän Nyýazmyrat Ilamanow Balkanabat şäherindäki 9-njy orta mekdebi üstünlikli tamamlan dessine, şol wagtky Nebitdag (häzirki Balkanabat) şäherindäki gaz hojalyk edarasyna işçi bolup işe başlaýar. Ol esasy işiniň daşyndan Moskwanyň I.M.Gubkin adyndaky nebit we gaz senagaty institutynyň Nebitdagdaky bölümine okuwa girip, 1982-nji ýylda ony üstünlikli tamamlaýar.
— Nyýazmyrat halypanyň baran ýerinde asla işiň müşgili ýok. Sebäbi ol başyny başlan işini aýratyn yhlas bilen ýerine ýetirýär. Halypanyň her bir ýerine ýetirýän işi, köpçülikde özüni alyp barşy, öz bilýänlerini inçelik bilen ýaşlara irginsiz öwredişi biziň üçin durşuna görelde mekdebi — diýip, «Balkangazüpjünçilik» müdirliginiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Ýagşymyrat Aşyrow buýsanç bilen gürrüň berýär.