Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda 21-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» XXXI halkara maslahaty we sergisi açylar. Forumyň guramaçylarynyň bellemegine görä, sergi meýdançasynyň esasy tehnologik täzeligi emeli aň tehnologiýalarynyň esasynda işleýän adam şekilli ALI atly robot bolar.
Robot-gumanoid Hytaýyň öňdebaryjy robot tehnika kompaniýasy bolan «Unitree Robotics»-yň «Unitree G1» platformasynda döredildi. ALI ady Artificial Learning & Intelligence («Emeli öwrenmek we aň») diýen manyny berýär.
Forumda akylly android innowasiýalaryň resmi sanly ilçisi hökmünde çykyş eder. ALI daşary ýurtly wekilleri we sergi myhmanlaryny garşy alar, forumyň maksatnamasy barada soraglara jogap berer we gatnaşyjylara sergi pawilýonlary boýunça ugur görkezer.
Android şeýle hem ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň esasy kärhanalary — «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy barada beýan eder.
Iş maksatnamasynyň çäklerinde robotyň gatnaşmagynda uglewodorodlary gözlemekde, çykarmakda we daşamakda robot tehnikasynyň, maşyn öwrenişiniň we akylly datçikleriň amaly ulanylyşyny görkezýän birnäçe beýan ediş çäreleri meýilleşdirilýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, gumanoidiň OGT 2026-nyň işine goşulmagy pudagyň sanly özgertmelere we önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmaga gönükdirilen strategik ugruny nygtaýar.