Türkmenistan we Ýaponiýa wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistan we Ýaponiýa wodorod energetikasy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygynda Ýaponiýa eden saparynyň dowamynda ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň we wodorod energetikasy ulgamynda özara gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada 19-njy oktýabrda Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Saparyň çäklerinde Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Keisuke Nagata bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar bilelikdäki ylmy gözlegleriň, hünärmenleri taýýarlamagyň we tebigy gazdan wodorody almagyň innowasion tehnologiýalaryny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda 2025-nji ýylyň 7-nji aprelinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň öňüsyrasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda amala aşyrylýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň (METI) Tebigy serişdeler we energetika agentliginiň hem-de Täze energetika we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasynyň (NEDO) wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi.

Mundan başga-da, «Chiyoda Kiyasu Research Park» gözleg parkyna baryldy. Wekiliýet Sukuba uniwersitetiniň ýanyndaky Wodorod baglanyşyklary boýunça gözleg merkeziniň (HBRC) we TIAR ylmy-gözleg institutynyň işi bilen hem tanyşdy.

Hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi: türkmen ýokary okuw mekdepleriniň üç mugallymy Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) goldawy bilen «SDGs Global Leader» maksatnamasynyň çäginde Sukuba uniwersitetinde tejribe geçýär.

Bu sapar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky başlangyjynyň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky ädim boldy. Bu bolsa bilelikdäki gözlegleri we wodorod energetikasyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Nebitgaz №42
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№42

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 20-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993